Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy

Stambulda 500 ýyllyk Polieuktos buthanasynyň harabalyklarynda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde 1,500 ýyllyk ýerasty däliz tapyldy.

1972412
Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy

Saraçhane arheologiýa seýilgähinde ýerleşýän, Aýasofiýadan hem ozal gurlan Polieuktos buthanasynyň zolagynda arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýär.

Keramatly Polieuktosyň adyny göterýän buthana, 11-nji asyrda ýumrulýar, soň bolsa talanýar. Buthananyň gymmatly bölekleri we sütünleri Wenesiýa alynyp gidilýär.

1960-njy ýyllarda ýerasty geçelgesiniň gurluşygynyň dowamynda buthana degişli taryhy eserleri ýüze çykarylýar.

 Keramatly Polieuktos buthanasynyň ýerleşýän Saraçhane arheologik seýilgähinde 2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda gazuw-agtaryş işlerine başlandy.

Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän giňişliginde ýerasty däliz tapyldy. İçinde mozaika we daş kakmalar bolan däliziň, işlenen mermerler bilen biçiwlenen we güberçekler bilen bezelen daşlary ünsleri çekýär.

Saraçhane arheologiýa seýilgähiniň 1 aý soň açylmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar