Dünýäniň Iň Uly Ýüzýän Kitaphanasy Iordaniýa Bardy

Dünýäniň iň uly ýüzýän kitaphanasy ertirden başlap fewral aýynyň ortalaryna çenli halka açyk bolar.

1937725
Dünýäniň Iň Uly Ýüzýän Kitaphanasy Iordaniýa Bardy

Dünýäniň iň uly ýüzýän kitaphanasy “Logos Hope” Iordaniýanyň günortasyndaky Akabe portuna bardy

Akabe portunyň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, dünýäniň iň uly ýüzýän gämisi ýerli wagt bilen 09.30-da porta geldi.

Ýüzýän kitaphanada bilimden, sporda, sungada we edebiýata çenli birnäçe ugurda jemi 4 müň kitabyň ýarym million göçürmesi bar.

Dünýäniň iň uly ýüzýän kitaphanasy ertirden başlap fewral aýynyň ortalaryna çenli halka açyk bolar.

Dekabr aýynda Liwanyň Beýrut portuna baran kitaphana, ýanwar aýynyň 4-23-i aralygynda hem Müsüriň Said portunda okyjylaryny kabul edipdi.

“Logos Hope” gämisi 1973-nji ýylda gurlupdy.



Degişli Habarlar