THÝ Minsk şäherine guraýan uçar saparlaryny togtatmak baradaky kararynyň möhledini uzatdy

THÝ Twitterdäki hasabyndan beýanat berdi

1791250
THÝ Minsk şäherine guraýan uçar saparlaryny togtatmak baradaky kararynyň möhledini uzatdy

Türk howa ýollary kärhanasy, Russiýanyň hüjümleri sebäpli Ukrainanyň howa giňişliginiň ýolagçy uçarlaryna ýapylmagyndan soň, Belarussiýanyň paýtagty Minsk şäheri üçin ozal kabul eden uçar saparlaryny togtatmak bardaky kararynyň möhledini 9-njy marta çenli uzadylandygyny habar berdi. 

THÝ Twitterdäki hasabyndan beren beýanatynda: "2022-nji ýylyň 9-njy martyna çenli Minske guralmagy meýilleşdirilen ähli uçar saparlary goý bolsun edildi. Çalyşmak we yzyna tabşyrmak işlerini şahamçalaryndan, saýtlarymyzyň üsri bilen ýa-da '0 850 333 0 849' belgeli telefon nomerimizden amala aşyryp bilersiňiz" diýip mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #Minsk , #beýanat , #Twitter , #THÝ

Degişli Habarlar