Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi
Prezident Erdoganyň sapary mynasibetli şäheriň esasy binalary Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldyldy.
Prezident R. T. Erdogan Abu Dabide saparda bolýar.
Prezident Erdoganyň sapary mynasibetli şäheriň esasy binalary Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldyldy.
Abu Dabi Emirliginiň köşgü bilen Prezident Erdoganyň bolýan Emirates Palas myhmanhanasy hem Türkiýäniň baýdagynyň reňki bolan ak-gyzyla bürendi.
Öňňin hem dünýäniň iň belent binasy bolan Dubaidäki Burj Halif Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldylypdy we Döwlet senasy ýaňlanypdy.
Dünýäniň iň belent binasyna türk dilinde “Hoş geldiňiz” diýlip ýazylypdy.
Degişli Habarlar
L'austral Atlı Kruiz Gämisi Alanya Geldi
Gäminiň esası bölegi amerikalı 180 yolagçısı bilen 142 ekipažı bar.
“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar
Forumda gün tertibinde esasy orun eýeleýän meseleler seljerler.