Çawuşogly Woleýbolçy Gyzlar Bilen Duşuşdy

Resmi sapar bilen Serbiýada bolýan Çawuşogly Belgratda türk woleýbolçy gyzlar bilen agşam naharynda duşuşdy Çawuşogly türk milletiniň milli woleýbolçylara buýsanýandygyny aýtdy.

1701304
Çawuşogly Woleýbolçy Gyzlar Bilen Duşuşdy

Milli woleýboçylaryň Tokio 2020 Tomusky olimpiýýa oýunlarynda medal almasa hem, bütin ýurdy buýsandyrandygyny nygtan Çawuşogly, türk milli zenan woleýbolçylarynyň Türkiýä woleýboly söýdürendigini beýan edip; “Türgenleşdiriji ussat, komanda başarjaň. Komanda ruhy diýilýäni, şeýle ajaýyp komanda ruhuny men başga ýerde görmedim” diýdi.

Polşa bilen oýnalan çärýek final bäsleşiginiň sonky bölüminiň tolgundyryjydygyny beýan eden Çawuşogly; “Enşalla finala çykarsyňyz. Finala çyksaňyz gelmäge çalşaryn, emma biziň işimiz belli bolmaýar. Sizi söýýäs, size buýnsanýarys. İlçihanamyz siziň hyzmatyňyzda” diýdi.



Degişli Habarlar