2020 Tokio Olimpiýa oýunlary tamamlandy

Medal sanawynda Türkiýe bolsa 35-nji oruna mynasyp boldy.

1688008
2020 Tokio Olimpiýa oýunlary tamamlandy

113 medal gazanan ABŞ 2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sanawynda 1-nji boldy. 

ABŞ-nyň türgenleri 39 altyn, 41 kümüş we 33 bürünç bolmak bilen jemi 113 medala eýe boldylar. 

Hytaý 88 medal bilen sanawyň 2-nji ornuna eýe boldy. 

Hytaýly türgenler 39 altyn, 32 kümüş we 18 bürünç medala eýe boldylar. 

Ýer eýesi Ýaponiýa 27 altyn, 14 kümüş we 17 bürünç medal alyp, sanawyň 3-nji ornuna eýe boldy. 

Beýik Britaniýa 22 altyn, 21 kümüş we 22 bürünç medal bilen Tokio oýunlaryny 4-nji bolup tamamladylar. 

Russiýanyň Olimpiýa komitedi 20 altyn, 28 kümüş we 23 bürünç medal bilen 5-nji boldy. 

71 gezek medala eýe bolan rus türgenler, ulgamlaýyn doping edýänligi sebäpli Olimpiýa oýunlaryna öz ýurtlarynyň adyndan gatnaşyp bilmediler. 

Medal sanawynda Türkiýe bolsa 35-nji oruna mynasyp boldy. 

Türk türgenler 2 altyn, 2 kümüş we 9 bürünç bolmak bilen jemi 13 medala eýe boldylar. 

2020 Tokio Olimpiýa oýunlary Türkiýäniň iň köp medala eýe bolan Olimpiýa oýunlary hökmünde taryha geçdi. 

2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň olimpiýa topary bolsa 77-nji oruna mynasyp boldy. Türkmenistanyň topary 2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynda 1 kümüş medala eýe boldy. 



Degişli Habarlar