10 Ýaşyndaky Defne Dünýä Birinjisi

Defne Ekmekçi, Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen Ýaş döredijiler saz bäsleşiginde dünýä birinjisi boldy.

1657229
10 Ýaşyndaky Defne Dünýä Birinjisi

Şanlyurfaly 10 ýaşyndaky pianist Defne Ekmekçi, Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen Ýaş döredijiler saz bäsleşiginde dünýä birinjisi boldy.

Defne Ekmekçi, halkara Kanada Toronto Döwrebap sungatlar akademiýasy tarapyndan geçirlen Ýaş döredijiler saz bäsleşigine gatnaşdy.

Defne Ekmekçi, Britaniýa, Kanada we ABŞ ýaly ýurtlardan 250 okuwçynyň gatnaşmagynda onlaýn ýagdaýda geçirlen bäsleşikde çalan “The Somersault King” atly eseri bilen 10-12 ýaş toparynda dünýä birinjisi boldy.

Defne Ekmekçi 2020-njy ýylda Britaniýada geçirlen bäsleşikde hem “Halkara pianino okuwçysy” derejesini alypdy.

Defne Türkiýe bu derejäni alan ýeke-täk okuwçy boldy.


Etiketkalar: #okuwçy , #onlaýn , #pianist , #pianino

Degişli Habarlar