Türkiýä Aprel Aýyna Çenli 2,6 Million Syýahatçy Geldi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany hakynda maglumat çap etdi

1631703
Türkiýä Aprel Aýyna Çenli 2,6 Million Syýahatçy Geldi

Ministrlikden berilen beýannama görä ýylyň üç aýynda Türkiýä gelen syýahatçylaryň esasy bölegi Russiýa Federasiýasynyň raýatlary.

Russiýadan gelen syýahatçylaryň snay 395,915 adama barabar.

Ikinji orunda durýan Eýrandan 152,923, üçünji orunda durýan Germaniýadan bolsa 130,897 syýahatçy geldi.

Germaniýadan soň Bolgariýanyň we Ukrainanyň raýatlary Türkiýä geldiler.



Degişli Habarlar