Ilkinji Rus Syýahatçylary Bodruma Geldi

Muglanyň Bodrum howa menziline ýylyň ilkimnji syýahatçy topar Russiýadan geldi

1619501
Ilkinji Rus Syýahatçylary Bodruma Geldi

Russiýanyň paýtagty Moskwadan 212 ýolagçysy bilen uçan “Azur” howaýollaryna degişli uçar, düýn Milas-Bodrum howa menziline gondy.

Rus syýahatçylara sebite ilkinji bolup gelmekleri mynasybetli gonalgadaky ýangyn söndürijiler tarapyndan “suw şou” görkezildi.

Uçardan düşen syýagçy topary pasport gözegçiliginden soň Bodrum etrabyna gitdiler.

Milas-Bodrum howa menziliniň baş Müdiri Ijlal Kaýaogly žurnalistlere beren beýannamasynda ýylyň ilkinji halkara uçuşyny kabul edendikleri üçin begenýändiklerini aýtdy.

Pandemiýa şertlerinde degişli çäreleriň görülendigini beýan eden Kaýaogly, şu ýyl halkara uçuşlaryň geçen ýyla ýyla görä artmagyny tama edýändiklerini nygtady.

 



Degişli Habarlar