Leýpsig-Liwerpul duşuşygy Wengriýada geçiriler

Germaniýanyň Leýpsig komandasy bilen Britaniýanyň Liwerpul komandalarynyň arasyndaky duşuşyk Wengriýada geçiriler

1578925
Leýpsig-Liwerpul duşuşygy Wengriýada geçiriler

UEFA Çempionlar ligasynyň çäginde Germaniýanyň Leýpsig komandasy bilen Britaniýanyň Liwerpul komandalarynyň arasyndaky geçiriljek 16-njy tapgyr duşuşyk, iki ýurdyň arasyndaky syýahatçylyk çäklendirmeleri sebäpli Wengriýada geçiriler. 

UEFA tarapyndan berilen beýanata görä, Leýpsig komandasynyň öz meýdançasynda  Liwerpul komandasyny kabul etmeli bolan duşuşuşygyň, Germaniýa bilen Britaniýanyň arasynda koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen syýahatçylyk çäklendirmesi sebäpli Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherindäki Puskas Arena stadionynda geçirilmegi barada karar kabul edildi. 

Duşuşyk, meýilleşdirilşi ýaly 16-njy fewralda sişenbe güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 23:00-da başlar. 



Degişli Habarlar