Fenerbahçeli futbolçylar Wepa kampaniýasyna uly goldaw berdi
“Bu günleriň bilelikde hötdesinden geleris”
Fenerbahçe futbol komandasynyň futbolçylary Stambulyň gubernatorly tarapyndan başladylan Wepa kampaniýasyna 33 müň gutu azyk kömegini berdi.
Fenerbahçe klubynyň başlygy Al Koç we komandanyň kapytany Emre Belezoglu, koronawirus epidemiýasy sebäpli agyr günleriň başdan geçirilýän döwründe döwlete goldaw bermek üçin çagyryş berdi.
Ali Koç “Bu günleriň bilelikde hötdesinden geleris” diýdi.
Fenerbahçe futbol komandasynyň kapytany Emre Belezoglu hem futbolçylar bilen birlikde 5 million lira ýygnandyklaryny we arkalaşyk kampaniýasyna bagyşlandyklaryny aýtdy.
Komandanyň futbolçylaryna sag bolsun aýdan Ali Koç, futbolçylara kampaniýa goldaw bermekleri üçin çagyryş berdi.
Beýleki tarapdan koronawirus epidemiýasyna garşy göreşýän saglyk goraýyş işgärleriniň Koç Holdingiň çäginde iş alyp barýan Diwan Stambul we Diwan Stambul Siti myhmanhanalaryndan peýdalanyp biljekdikleri habar berildi.
Degişli Habarlar
L'austral Atlı Kruiz Gämisi Alanya Geldi
Gäminiň esası bölegi amerikalı 180 yolagçısı bilen 142 ekipažı bar.
“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar
Forumda gün tertibinde esasy orun eýeleýän meseleler seljerler.