Bütindünýä Ýaşlar ýüzme çempionady ertir Budapeştde öz işine başlar

Türkiýe çempionatda 19 türgen bilen bäsleşer.

1255386
Bütindünýä Ýaşlar ýüzme çempionady ertir Budapeştde öz işine başlar

Bütindünýä Ýaşlar ýüzme çempionady ertir Wengriýanyň paýtagty Budapeştde öz işine başlar.

Türkiýäniň Ýüzme federassiýasyndan berlen beýanata görä, 25-nji awgusta çenli dowam etjek çempionatda Türkiýe 19 türgen bilen bäsleşer.

Çempionatda Türkiýä zenanlaryň arasynda Aleýna Özkan, Beril Böjekler, Gizem Güwenç, Sudem Denizli, Zehra Duru Bilgin, Merwe Tunjel, Deniz Ertan, Doga Babajan, Defne Taçýyldyz we Defne Joşkun wekilçilik eder.

Çempionatda Türkiýä erkekleriň arasynda bolsa Baturalp Ünlü, Ýigit Aslan, Mert Kylawuz, Mert Ali Satyr, Berke Saka, Demirkan Demir, Derin Hansoý, Emir Şimşek we Bora Gülşen wekilçilik eder.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar