Real Madrid komandasy Eden Hazard üçin 100 million sterling teklip hödürledi

Real Madrid, Angliýanyň Premýer Ligasynyň komandalaryndan biri bolan Çelsi toparynda oýnaýan belgiýaly futbolçy Eden Hazard üçin 100 million sterling teklip hödürledi

1139871
Real Madrid komandasy Eden Hazard üçin 100 million sterling teklip hödürledi

Telegrafda berilýän habara görä, Ispaniýanyň Real Madrid komandasy, Çelsi komandasynyň ýyldyzy Eden Hazard üçin 100 million sterling pul teklip edendigi mälim edildi.

Çelsi komandasy hem Real Madridiň Eden Hazard üçin eden teklibiniň dogrudygyny tassyklady.

Fransiýanyň radiosy RMC beýanat beren Hazard: “Näme etjegimi bilýärin. Karara geldim” diýdi.

Ozal Real Madrid komandasynda oýnamak isleýändigini aýdan Hazardyň futbol möwsüminiň ahyrynda Real Madride geçjekdigi çak edilýär.



Degişli Habarlar