UEFA Ýewropa ligasynyň çempiony Atletiko Madrid

Fransiýanyň Lion şäherinde geçirilen UEFA Ýewropa ligasynyň final duşuşygynda Atletiko Madrid komandasy Marseli 3-0 hasabynda ýeňdi

973038
UEFA Ýewropa ligasynyň çempiony Atletiko Madrid

Park Olympik Lionne stadionynda geçirilen duşuşygyň 21-nji minudynda pökgini geçiren futbolçy Atletiko Madridiň ýyldyzy Antuan Grizmann boldy.

Oýunyň ilkinji ýarymy Ispaniýanyň wekiliniň 1-0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynada täsirli başlan Atletiko Madrid Antuan Grizmannyň goly bilen hasaby 2-0-e ýetirdiler.  

89-njy minutda bolsa Atletiko Madridiň futbolçysy Gabi garşydaş komandanyň derwezesine 3-nji pökgini geçirdi.

Bu netije bilen Atletiko Madrid Ýewropanyň iň uly 2-nji futbol çäresi bolan UEFA Ýewropa ligasynyň kubogyny 3-nji gezek muzeýine alyp gitdi.



Degişli Habarlar