Klimat çalşygy millionçar adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär

Lancet medisina žurnaly yly barlagyň netijelerine ýer berdi

837738
Klimat çalşygy millionçar adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen birlikde 26 guramanyň alymlary klimat çalşygynyň adamyň saglygyna ýetirýän täsirini giňişleýin barlady.

Lancet medisina žurnaly yly barlagyň netijelerine ýer berdi.

Ylmy barlaga görä, klimat çalşygy millionlarça adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirär.

Ylmy barlagda yssy howa tolkunlary, birnäçe wagt dowam edýän alergiýalar we howanyn hapalygy adamyň saglygyna zeper ýetirýär.

2000-2016-njy ýyllarda howa bilen arabaglanşykly betbagtçylaryň sany 46 göterim ýokarlady.

Aşa yssy howa oba hojalyk pudagynda iş güýjüniň 5,3 göterim aşaklamagyna sebäp boldy.

Hassalyklardan daşary klimat çalşygy ykdysady taýdan 2016-njy ýylda 129 milliard dollarlyk ýitgi çekilmegine sebäp boldy.

Ýokanç keselleriň sany hem iki esse köpeldi.

 



Degişli Habarlar