Erdogan: “Türkiýe soňky 14 ýylda uly üstünlikler gazandy”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň soňky 14 ýylda infrastrukturadan ykdysadyýete, daşary syýasatdan saglygy goraýyş pudagyna dürli ugurlarda taryhy üstünlikler gazanandygyny aýtdy

639689
Erdogan: “Türkiýe soňky 14 ýylda uly üstünlikler gazandy”

R.T. Erdogan Prezidentiň kompleksinde edebiýatda Mustafa Kutlunyň, jemgyýetçilik ylymlarynda professor Kemal Haşim Karpadyň, sazda professor Erol Parlagyň, kino sungatynda Şener Şeniň, milli sungatlar boýunça Feridun Özgöreniň we wepadarlyk baýragyna akademik Süheýl Ünweriň laýyk görülen Prezidentiň Medeniýet we sungat boýunça uly baýraklarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

2016-njy ýylda baýraga laýyk görülenleri gutlan Erdogan: “Türkiýä medeniýetde, sungatda we bilimde goşant goşan her bir adam, ýurdumyza uly hyzmat edýär. Biz bu baýraklara her biri takdyra, sylaga, sagbolsuna artykmajy bilen laýyk bolan adamlarymyza döwletimiziň we milletimiziň minnetdarlygyny beýan etmegi nazarda tutýarys. Şübhesiz olaryň ýeri milletimiziň ýüregindedir, aňyndadyr. Beren baýragymyz diňe bu işe wepalydygymyzy tassyklaýar” diýdi.



Degişli Habarlar