Arap dilini öwrenmek üçin Türkiýä gelerler

Köp sanly ýurduň raýatlarynyň arap dilini öwrenmek üçin geljek ýeri Siriýa däl, eýsem Türkiýe bolar

426882
Arap dilini öwrenmek üçin Türkiýä gelerler

Siriýada içerki urşuň başlamazyndan ozal Damask arap dilini öwrediş merkezidi. Uruş başlandan soň bolsa arap dilini öwrenmek isleýänler başga ýollaryň gözlegine çykdy.

Arap diliniň öwrenilmegi boýunça taslama taýarlan Türkiýäniň arapça dil öwretmekde dünýäniň merkezine öwrülmegi meýilleşdirilýär.

Taslama bilen ýurtlaryndaky içerki uruş sebäpli ýerinden-ýurdundan jyda düşen we bosgun ýagdaýyna düşen siriýaly arap dili mugallymlary Türkiýede işlemäge mümkinçilik taparlar.

iş rugsadyny alan siriýaly arap dili mugallymlary, ymam-hatyp liseýlerinde we ymam-hatyp orta mekdeplerinde aýlykly arapça derslerini berip bilerler.

Arap dili mugallymlaryndan daşgary mugallymlar hem siriýaly okuwçylara sowat öwretmäge işjeň gatnaşarlar. Häzirki wagtda bilim alýan 310 müň bosgun okuwçy öz dillerinde bilim alma mümkinçiligine eýe bolar.

Türkiýäniň bilim syýahatçylygyna hem goşant goşmagy meýilleşdirilýän taslamanyň halkara talyplarynyň sanyny artdyrmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda dünýäde köp sanly ýurtdan hünärmenler arap dilini öwrenmek isleýärler.

Hökümet hem Türkiýäniň ykdysadyýetine goşant goşjak hem-de bosgunlara iş üpjünçiligini döretjek başga taslamany hem iş ýüzüne geçirmäge taýarlanýar.

Taslamanyň çäginde hökümet Hindistanda ýerleşýän iňlis dilindäki “jall jenter" merkezlerini öwrenmäge başlady. Ol ýerde köp sanly daşary ýurt firmasynyň sorag merkezleri ýerleşýär.

Hindistanyň ykdysdyýetine uly gitdeji getirýän usulyýet köp sanly iş üpjünçiligini döredýär. Esasanda Britaniýadaky firmalaryň sorag merkezi bolan Hindistanda ýekeje firmanyň sorag merkezinde müňlerçe adam işleýär.

Türkiýe Hindistanda iş ýüzüne geçirilen şol usulyýeti arap ýurtlary üçin Türkiýede iş ýüzüne geçirmäge taýarlanýar. Şeýlelikde arap maýadarlarynyň işleýän ýeri bolan Türkiýe arap firmalarynyň sorag merkezine öwrüler.


Degişli Habarlar