Möwsümine görä iýmitlenýärin…

Çünki

2119413
Möwsümine görä iýmitlenýärin…

Gepleşigimiziň bu sanynda hem saglygymyzy hem-de geljek nesilleriň ynamly azyga elýeterliligini gyzyklandyrýan mowzuklardan biri hakynda söhbet etmek isleýaris. Möwsümine görä iýmitlenýärin, çünki diýip söze başlaýarys…

Beýle uzak geçmişe däl, 20-nji asyryň soňky çärýegine çenli dünýäniň ilatynyň esasy bölegi oba ýerlerinde ýaşaýardy. Güzeranyny oba hojalyk we maldarçylyk bilen görýän oba ýerlerinde ýa-da olaryň golaýynda ýaşaýan adamlaryň ter bakja önümlerine elýeterliligi has ýeňildi. Emma şäherler ulalyp, obalar boşadygy saýyn, şertler üýtgedi. Oňa çalt artýan ilat sany hem goşulanda, oba hojalyk önümleriň tebigy usullar bilen däl, eýsem industrial şertlerde öndürilmegi mejbury ýagdaýa geldi.

Ýygy-ýygydan eşidýän, aýdýan “nirde indi öňki pomidorlar” ýaly zeýrenmeler ýerliksiz däl. Sebäbi indi miwe we bakja önümleri ekin meýdanlarynda däl, parniklerde öndürilýar. Günüň nury bilen bişýän, wagty gelende ýygylýan, ýygylandan soň gysga wagtda sarp edilýän möwsümleýin miweler we bakja önümlerine indi az gabat gelinýär. Onuň saglygymyz üçin zyýanly taraplarynyň hatarynda iki madde öňe saýlanýar. Birinjisi emeli şertlerde öndürilýän oba hojalyk önümleriniň ýokumlylygynyň pes bolmagy. İkinjisi bolsa şeýle önümçilikde azyk önümlerinde oba hojalyk dermanlarynyň has köp ulanylmagy.

Saglygymyz üçin esasy howp bolsa, möwsüminiň daşynda sarp edilýän köp sanly azygyň düzümindäki goraýyjylaryň we himikatlaryň içege florasyndaky peýdaly mikroorganizmlere zyýan ýetirip, immunitet ulgamymyzy ejizletmegi. Möwsüminde tebigy şertlerde öndürilen miwe we bakja önümleri bolsa düzümindäki ýokumlylygy saýasynda immunitet ulgamy üçin iňňän peýdaly.

Sözümizin ahyrynda tebigy däl usullarda öndürilip, saçagymyza gelýän bakja we miwe önümleriniň geljegimize nähili howp salýandygy hakynda gysgaça durup geçmek isleýäris. Emeli şertlerde önümçiligiň, ýygym, ammarlaýyş, gaplama ýaly tapgyrlarynda sarp edilýän energiýa serişdeleri we suw soňky nesillerden nesýe alynan gymmatlyklardyr. Önümçilikden sarp edilişe üns berilmese, nesýe alynanlaryň öwezini dolup bilmejekdigimiz gynansagam mälim. Eger şeýle bolsa möwsümine görä iýmitlenýärin, çünki planetama we saglygyma sarpa goýýaryn, diýip, sözümizi tamamlaýarys.



Degişli Habarlar