Hajy Bekdaş Weli we Bekdaşylyk tarikaty

Türk dünýäsine bahşedilen ömürler

2119433
Hajy Bekdaş Weli we Bekdaşylyk tarikaty

Hajy Bekdaş Weli mistik, mutasawwuf, alym we yslam pelsepeçisi hökmünde tanalýan, türki dünýäde möhüm orun tutýan taryhy şahsyýetlerden biridir. Onuň ömür beýany hakynda anyk çeşme ýok. Ol hakdaky iň gadymy çeşme 14-nji asyrda ýazylan Welaýatnama atly eserdir. Horosanda dünýä inendigi bilinýän Hajy Bekdaş, Mongol basybalyjylaryndan gaçyp, Anadola göçen türkmen alymydyr. Ömür beýany hakynda bilinýän ýeke-täk hakykat 1271-nji ýylda Suluja Karahoýýukda dünýeden ötenligidir.

Hajy Bekdaş Weli Welaýatnamada beýan edilmegine görä Suluja Karajahoýýukda türk şyhy hökmünde bir tarapdan öz jemagatynda alymlyk wezipesini berjaý edýän bolsa, bir tarapdan hem häzirki Ürgüp etrabyndaky hristianlar bilen ýygy gatnaşyk açyp, olaryň musulmanlygy ykrar etmegi üçin iş alyp baryp, wekillerini şol maksada laýyklykda Anadolynyň çar tarapyna ugradypdyr. Çeşmeleriň beýan etmegine görä Hajy Bekdaş Weliniň Ýasawylyk bilen Galandarylygyň sintezinden ybarat bolan Haýdaryýlyk tarikatyna degişlilikde Anadola gelendigi, soň Baba Ylhasy Horosanynyň Wepaýylyk tarykatyna goşulandygy we ömrüniň ahyryna çenli hem şeýle ýaşandygy çaklanylýar. Eger şeýle bolsa adyny göterýändigine garamazdan Bekdaşylyk tarikatyny onuň döretmändigi görülýär. Hajy Bekdaş Weliniň mifologik şahsyýete öwrülip, şeýle keramatly adama öwrülmeginde Antalýanyň Elmaly etrabynyň Tekgeköý obasynda türbedi ýerleşýän Abdal Musanyň roly uludyr. Ahmet Fuad Köprüli 14-nji asyrda Hajy Bekdaş Weliniň Suluja Karahoýýukdaky tekgesinde ýetişen esasy şahsyýediň Hajy Bekdaş Weliniň kultunyň ýaýbaňlanmagynda nähili orun tutandygyny ýüze çykarýar. Köprüliniň we ondan soňky alymlaryň çykaran netijesine görä; ýaşan döwründe beýle tanymal bolmadyk türkmen şyhyny dünýeden ötmänkä we ötenden soň öz döwrüne çenli geçen wagtda çykan rowaýatlar arkaly täze gurulan Osman hanlygynyň başda durmagynda bütin merkezi we günbatar Anadolyda tanadyp, hamala diýersiňiz gaýtadan dikelden Abdal Musadyr. 14-nji asyryň birinji çärýeginden soň Hajy Bekdaş Weli tekgesiniň şyhy bolan Abdal Musa, ýanyndaky käbir Haýdari derwişleri bilen bilelikde täze gurlan Osman hanlygynyň territoriýasyna gidipdir. Ol ýerde Orhan Gazynyň hyzmatyna durup, zabtedişliklere gatnaşypdyr we üstünlik gazanypdyr. Emma onuň hötdesinden gelen esasy işi, bilelikde söweşen Osmanly gahrymanlaryna Hajy Bekdaş Weliniň rowaýatlaryny gürrüň berip, ony tanatmagydyr. Welaýatnamadaky Hajy Bekdaş Weliniň esasy özbolyşlygy on iki ymamyň neslinden, ýagny pygamber nesilinden gelýän seýit bolmagydyr. Kakasy Ybraýym Sani, Ymam al-Kazymyň neslindendir we Horosanyň hökümdarydyr. Şeýlelikde Hajy Bekdaş Weli şazadadyr. Kiçilikden ilki meşhur sufi Lukman Perendäniň, soň onuň maslahaty bilen Ahmet Ýasawynyň ýanynda tälim alýar. Entäk şol mahallar eneçeme gudrat görkezip, hemmeleri haýran galdyrýar. Ahmet Ýasawynyň “nepes ogly” Kutbuddin Haýdary Badahşandaky kapyrlaryň elinden ýesirlikden halas edýär. Soň onuň kämilleşendigini gören Ahmet Ýasawy, oňa halyflygyň simwollary bolan täç, şemdan, namazlyk, saçak we ýarym aý gowşuryp, biline tagta gylyjyny guşaýar we Rumeliýa ugradýar.

Ilki Mekgä baryp, haj parazasyny berjaý eden Bekdaş, “hajy” adyny alýar. Gaýdyşyn Nejefi Kerbelany zyýarat edip, Anadola gelýär. Hajy Bekdaş Weli, Çepni taýpasyna degişli çarwalaryň gyşlagy bolan Suluja Karahoýýuga barýar we Kadynjyk enäniň öýüne myhman bolýar. Ol ýerde keramady gudratlary bilen ünsi çekýär. Güzeran görmek üçin obanyň mallaryny bakýar. Birnäça wagt soň şu günki dergähiň ornunda ilkinji ynzywa ýeri bolan Gyzylja Halwady gurýar. Hajy Bekdaş Weli indi özüni ykrar etdirip, murit kabul etmäge başlaýar. Gysga wagtda adygýar. Ol ýerde ýaşan mahalynda Seýýid Mahmudi Haýrani, Ahi Ewran ýaly beýik rum welileri bilen ýakyn gatnaşyk açýar, golaýdaky gaýry muslimler bilen dostlaşýar. Tanyşan mongol emeldarlaryndan käbirleriniň musulmanlygy ykrar etmegini gazanýar. Ençeme şägirt ýetişdirýär. Ölmezden gysga wagt öň şolardan birine ygtyýar berip, Anadolynyň etraplaryndan birine ugradýar we abraýyna laýyk wepat bolýar.



Degişli Habarlar