Her gün kadaly ýöriş edýärin…

Çünki

2109668
Her gün kadaly ýöriş edýärin…

Gepleşigimiziň bu sanynda saglygymyzy ýakyndan gyzyklandyrýan fiziki çärelerden biri hakynda durup geçmek isleýäris. Her gün kadaly ýöriş edýärin, çünki, diýip söze başlaýarys…

Bedenimizdäki ulgamlar hem öz aralarynda hem-de biri-birleriniň arasynda utgaşykly işleýärler. Saglyk sözi şol utgaşyklygy aňladýar. Şolaryň işleýişindäki näsazlyklar bolsa hassalyklara sebäp bolýar. Döwrebap lukmançylyk ulgamy hassalyklary bejeriş usullary ýaly, hassalyklaryň öňüni almaga hem üns berýär. Şonuň üçin adamlaryň fiziki hereketlerini, iýmitlenme we uky kadalylygyny has netijeli ýagdaýa getirjek maslahatlary taýýarlaýar. Bedeni dolulygyna işledip, onuň sagdynlygyny üpjün edýän çäreleriň başynda bolsa kadaly ýöriş durýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaşa garamazdan her bir adamyň hepdede azyndan 2,5 sagat göremegini maslahat berýär. Guramanyň beýan etmegine görä her gün ýarym sagat ýöräp, hepdede 3,5 sagady tamamlamak. Sebäbi kadaly ýöriş ýürek sagdynlygynyň başda durmagynda beden üçin iňňän peýdalydyr. Gan aýlanyşyny kadalaşdyrýan ýöriş, metabolizmany çaltlandyryp, artykmaç ýaglanmanyň öňüni alýar. Ýöremek myşsalary güýçlendirip, bogunlaryň çeýeligini güýçlendirýändigi üçin myşsa we sklet ulgamymyz üçin peýdalydyr. Ýöriş arkaly kadaly işleýän bedenimiziň immunitetiniň güýçlenýändigi hem geçirilen ylmy-barlaglar bilen kesgitlendi.

Kadaly ýöriş diňe bir bedenimize däl, ruhumyza hem peýdaly. Ýöriş mahalynda işlenip çykarylýan endorfin gormony, bagtyýarlygymyzy ýokarlandyryp, stressimizi azaldýar. Ýöriş bilen kadalaşýan ulgamlarymyz şonuň saýasynda kadaly uka eýe bolýar. Dynç alan beden we saplanan zehin bilen güne başlamak hem özümizi gowy duýmagymyza şert döredýär. Ýörişlere dostlaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen çykmak bolsa jemgyýetçilik gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşar.

Döwrebap telefonlar we sagatlar günlük ýöriş möhletimizi ýa-da ädim sanymyzy hasaplaýar. Beýan edilenleriň aşagyna “kadaly ýöriş edýärin, çünki günlük ädim sanymy sosial mediada paýlaşýaryn” diýlen maddany hem goşup, siziň bilen hoşlaşýarys.


Etiketkalar: #saglyk , #kadaly , #ýöriş

Degişli Habarlar