Suw dünýämiziň 2/3 bölegini emele getirýär

Çünki

2138002
Suw dünýämiziň 2/3 bölegini emele getirýär

Gepleşigimiziň bu sanynda dünýämiziň 2/3 bölegini emele getirýän suw hakynda maglumat bermekçi. Şol suw giňişliginiň 97,5 göterimini emele getirýän okeanlaryň we deňiz suwlarynyň näme sebäpden şor bolandygy hakynda durup geçmekçi.   

Planetamyzyň älem giňişliginden alynan fotosuratlaryna ser salanymyzda gök globus görünýär. Bu mawy reňk, dünýäniň esasy bölegini gurşap alýan okeanlardan gelip çykýar. Dünýäniň ekologiýasy we janly-jandarlaryň ýaşaýyşy üçin möhüm ähmiýetli bolan suwuň diňe 2,5 göterimi adamlaryň we haýwanlaryň içmegi üçin amatly bolan süýji suwdan ybarat.

Okeanyň suwunyň şor bolmagynyň esasy sebäbi, dünýäniň galan üçden bir bölegini emele getirýän guryýer bölekleridir. Millionlarça ýylyň dowamynda ýer titremeleri we erroziýalar bilen zaýalanyp, bölünen gaýalaryň içindäki minerallar akabalar bilen deňizlere hem-de okeanlara akýar. Şol minerallaryň iň esasylary natriý we hlor. Bilşiňiz ýaly şol iki elementiň birleşmeginden bolsa duz emele gelýar.

Akabalaryň esasy özbolyşlyklaryndan biri, üstünden geçirýän topragy we zaýalanmalar bilen dargan bölekleri özi bilen bilelikde deňize akdyrmaklarydyr. Erän garyň we aýsbergleriň suwy bilen hasam batly akýan akabalaryň zaýalaýyjy täsiri artýar. Şeýle hem okeanyň düýbündäki wulkaniki hereketler bilen magmadan daşýan minerallaryň suwa goşulmagy hem okeanyň suwundaky duzuň mukdaryny artdyrdy.

Millionlarça ýylyň dowamynda käbir sebitlerde bugaran suw, yzynda duz çöllerini ýa-da köllerini goýup gitdi. Gury ýerdäki şol duzlar hem wagtyň geçmegi bilen okeanlara baryp ýetýär. Suwuň duzlulyk derejesi okeanyň geografik ýerleşişine, sebitdäki akabalaryň mukdaryna, bugarma möçberine we okeanyň akymyna baglylykda üýtgeýär. Mysal üçin ekwatoryň ýakyn sebitlerde ýokary ýylylyk we bugarma şorlugy artdyrýan bolsa, polýus sebitlerinde buzuň eremegi we ygal şorlugy artdyrýar.


Etiketkalar: #mineral , #duz , #suw

Degişli Habarlar