Suwy aýawly sarp edýärin

Çünki

2085030
Suwy aýawly sarp edýärin

TSR-nyň Türkmen dilindäki goýberlişinde Çünki atly gepleşigimiziň ilkinji sanyna başlaýarys. Bir ýylyň dowamynda siziň bilen gündelik durmuşymyz bilen arabaglanşykly, kämahal ýygy-ýygydan gaýtalanýandygy üçin manysy unudulan, kämahal bolsa üns berilmedik dürli hereketler hakynda gürrüň bereris. Käbir hereketlerden näme üçin çetde durulmalydygyny gürrüň bereris. Kämahal bolsa gözümiziň öňünde durýandygyna garamazdan beýle üns berilmedik meseleleriň sebäplerini düşündirmäge çalşarys. Şol sebäpli hem türk dilinde sebäbi we täsiri manysyny aňladýan “çünki” sözüni gepleşigimiziň ady hökmünde saýlap aldyk.

Gepleşigimiziň ilkinji sanynda durmuşyň sakasy bolan suwy näme üçin aýawly sarp etmelidigimize ünsi çekmek isleýäris

Suw durmuşymyzyň sakasydyr we durmuşyzda uly ähmiýete eýe. Bedenimiziň hem 60 göterimi, dünýämiziň bolsa 70 göterimi suwdan ybarat. Şu günki güne çenli geçirlen ylmy barlaglar suwyň diňe biziň ýaşaýan planetamyzda suwuklyk görnüşine eýedigini görkezýär. Şol ylmy barlaglar janly-jandarlaryň hem diňe biziň dünýämizde bardygyny subut edýär. Bu iki maglumat suwyň durmuş bilen bolan arabaglanşygyny açyk aýdyň görkezýär.

Dünýäniň döretden üç bölegi suwdan ybarat bolasada, şol suwyň diňe 2,5 göterimi süýji suwdur. Galan duzly suw planetamyzdaky durmuş üçin ähmiýetli bolmagynda galýan hem bolsa, adamyň ýaşaýyşy şol çäkli suwda baglydyr. Her gün 2 litr suw içmän sagdyn ýaşamagyň mümkin däldigini bilýäris. Şeýle hem bedeniň we ýaşaýyş sferamyzyň arassaçylygy taýdan eýeleýän ähmiýetine Kowid-19 mahalynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik.

Döwrebap dünýäde, esasanda şäher durmuşynda suw örän elýeterli. Belkem şol sebäpli onuň gadryny ýeterlik bilmeýäris. Nurbady her towlanymyzda tämiz, arassaçylyk üçin amatly, hat-da käbir şäherlerde içmek üçin zyýansyz suwumyzyň bardygyny pikir edýäris. Eýsem global howa üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan guraklyk we plansyz senagatlaşma suwuň hapalanmagyna täsir ýetirmäge başlady. BMG, düýäde her 3 adamdan biriniň howpsuz agyz suwuna elýeterli däldigini we bar bolan şertler dowam eden halatynda 2050-nji ýylda 6 milliardda barabar adamyň ýylda azyndan 1 aý suwuň çäkli bolan ýerlerinde ýaşaýajakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #sarp etmek , #aýawly , #suw

Degişli Habarlar