Dokma pudagynda suwuň ulanylyş mukdary çalt moda tendensiýasy bilen artýar

Bilesigelijiniň Bellikleri

2047463
Dokma pudagynda suwuň ulanylyş mukdary çalt moda tendensiýasy bilen artýar

Her ýyl takmynan 79 milliard kub metr suw ulanylýan dokma pudagynda, çalt moda tendensiýasy bilen 2030-njy ýylda bu mukdaryň 120 milliard kub metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Pagta futbolka öndürmek üçin takmynan 2700 litr suwuň sarp edilýändigini bilýärdiňizmi? Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki sanynda Dokma pudagynda suwuň ulanylyş mukdary çalt moda tendensiýasy bilen artýar atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) we Ýewropa Parlamentiniň hasabatlaryna görä, dünýädäki dokma senagatynda her ýylda takmynan 79 milliard kub metr suw ulanylýar.

Ýylda 5 million adamyň suw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolan bu mukdar 2030-njy ýylda 120 milliard kub metre çenli artar diýlip çaklanylýar.

Pagta bir futbolkanyň önümçiligi üçin takmynan 2700 litr suw sarp edilýän bolsa, şol mukdar 1 adamyň 2,5 ýyllyk agyz suwuna barabardyr. 

Bir jynsy balak öndürmekde ulanylýan takmynan 7500 litr suw bolsa, bir adam üçin 7 ýyl içilýän suwuň mukdaryna deňdir.

2000-2015-nji ýyllar aralygynda egin-eşik önümçiligi 2 esse artan bolsa, egin-eşik önümleriň ortaça ulanylyşy bolsa çalt moda tendensiýasynyň täsiri bilen azalýar.

Global zyňyndy suwuň 20 göterimini emele getirýän moda senagatynda, her sekuntda bir ýük ulagy ululygynda dokma önümleri ýakylýar ýa-da zyňylýar.

Ulanylan egin-eşikleriň ýarsyndan hem az bölegi ýaňadadan önümçilik ýa-da gaýtadan işlenmek üçin ýygnalýan bolsa, şol egin-eşikleriň diňe 1 göterimi täze egin-eşiklere öwrülýär.

Energetika pudagyndan soň daşky gurşawy iň köp hapalaýan 2-nji senagat pudagy bolsa moda pudagy, global uglerod zyňyndylarynyň hem 10 göterimini emele getirýär. Bu görkeziji halkara uçar saparlary we gämi gatnawlarynyň sebäp bolan uglerod zyňyndylarynyň jeminden hem köpdür.

Dokma önümlerinde tygşytlylyk nähili ýagdaýda ýola goýulyp biliner?

Önümleri dogry temperaturada ýuwmak, dogry derejede we usulda guratmak we görkezmelere laýyklykda käbir önümleri himiki arassalaýyşa bermek gaty möhümdir.

Bu ýerde hem suwy hem-de energiýany tygşatlamak mümkindir.

Mundan başgada dokma timarlaýyş desgalary gaýtadan işlemäge maýa goýmaly we hapa suwlaryň ulanylyşyna üns bermelidirler.

Beýleki tarapdan, ulanylan suw ýaňadandan süzülip, ​​önümçilige getirilmelidir. Esasan hem zyňyndy suwlaryň 70 göterimini gaýtadan işlemek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulmalydyr.

Habar Çeşmesi: Anadoly habarlar gullugy.

Pagta futbolka öndürmek üçin takmynan 2700 litr suwuň sarp edilýändigini bilýärdiňizmi? Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki bölümindeDokma pudagynda suwuň ulanylyş mukdary çalt moda tendensiýasy bilen artýar atly temanyň üstünde durup geçdik.


Etiketkalar: #pudak , #dokma , #tekstil , #suw

Degişli Habarlar