Sinop Boýabat Syryk Kebaby

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1917793
Sinop Boýabat Syryk Kebaby

Türkiýäniň Gara deňiz kenaryndaky Sinop şäheriniň Boýabat etrabyna mahsus “Boýabat Syryk Kebaby”, 2020-nji ýylda Boýabat etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Boýabat Syryk Kebaby guzynyň “Karaýaka” diýip atlandyrylýan görnüşinden edilýän we tebigy duz ulanylyp bişirilýän naharyň bir görnüşidir. 

Kebap ediljek guzynyň şol gün kesilen bolmagy we iň giýç 2 sagadyň içinde bişirilip başlanmagy örän möhümdir.

Bişirilip başlanmadan ozal içki organlary çykarylan guzy ilki bilen duzlanýar.

Inçe tarapy boýnundan çykjak görnüşde takmynan 2 metr uzynlygyndaky agaja geçirilýän guzynyň öňki we arka aýaklary yza tarap çekilip, daňylýar.

Guzynyň öňki aýaklary bogunlaryndan kesilip, döş böleginde kesilen deşiklere ýerleşdirilýär.

“Sokma” diýip atlandyrylýan şol işden soň, guzynyň garyn bölegi agaç çybyklar bilen dikilýär.

Şol wagt aralygynda bolsa daş peç iki aýry tarapynda goýulan odunlar ýakylyp taýarlanmaga başlanýar we gyzdyrylýar.

Boýabat Syryk Kebaby peje goýulanyndan soň, gyzaryp başlaýança çenli ýakylan oduň ululygy pes bolmaly, ondan soň od gataldylýar.

Guzy bişirilýän mahaly akjak ýagyň ýygnalmagy üçin aşagyna mejme ýerleşdirilýär.

Şol ýag bişirmek işleriniň soňky 1 sagadynda guzynyň üstüne dökülip, hem etiň ýumşamagyny hem-de gyzarmagyny üpjün edýär.

Boýabat Syryk Kebabynyň towlama işleri orta ululykdaky guzy üçin takmynan 4 sagat dowam edýär.

Bişirmek işiniň ahyrynda, garyn böleginiň ýarylan ýerinden akýan duzly suw gaba geçirilip, guzynyň daş bölegine dökülýär.

Şol usul bilen hem etiň tagamly bolmagy ýola goýulýar hem-de goşmaça duzyň goşulmagy zerur bolmaýar.

Kebap peçden çykarylanyndan soň, sowadylmagy üçin goýulýar.

Däbe görä sowuk görnüşde iýilýän kebabyň ýany bilen goşmaça souslar we hoş boý ysly otlar ulanylmaýar, pomidor we sogan bilen hödür kerem edilýär.



Degişli Habarlar