Selsus Kitaphanasy

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1872860
Selsus Kitaphanasy

Dünýä meşhur antiki Efes şäherinde, taryhyň irki döwürleriniň iň uly kitaphanalaryndan biriniň ýerleşendigini bilýäňizmi?

Taryhda pelsepäniň we medeniýetiň esasy merkezlerinden biri bolan Efes bilen özleşen iň meşhur eser, ägirt sütünleri bilen özüne bendi edýän “Selsus Kitaphanasydyr.” 12 müňe barabar eseri özünde jemlän kitaphana, İskenderiýeden we Bergamadan soň rim dünýäsiniň üçünji kitaphanasy we döwrebap halk kitaphanalary ýaly halkyň ulanmagyna bolupdyr.

Rim imperiýasyndan galan ýeke-täk kitaphana bolan Selsus kitaphanasy ajaýyp binagärlik binasy hökmünde-de kabul edilýär. Bezegleri bilen ünsleri çekýän binanyň giňiligi 21 metr we belentligi 17 metre barabar. Kitaphana açylandan 130 ýyl soň bolan ýer titremesinden uly ýitgi çekipdir. Kitaphanadaky esasy eserleriň uly bölegi hem şol ýer titremesinden soň ýok bolupdyr. Fasady 1970-1978-nji ýyllaryň aralygynda arheologlar tarapyndan gaýtadan dikeldilýänçä asyrlaryň dowamynda harabar görnüşinde durýar.

Kitaphananyň daş tarapynda ägirtlige we aň-düşünjä wekilçilik edýän Sofiýanyň, ärdeme we batyrgaýlyga wekilçilik edýän Aretiň, ylma we maglumata wekilçilik edýän Epistemiň, pikire wekilçilik edýän Ennoiýanyň heýkelleri ýerleşýär. Şol heýkelleriň asyl nusgalary häzirki wagtda Wena muzeýinde sergilenýär.


Etiketkalar: #Efes , #Rim , #kitaphana

Degişli Habarlar