Sinop

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1829765
Sinop

Türkiýäniň demirgazygynda ýerleşýän Sinop şäheriniň Anadolynyň iň gadymy şäherlerinden biridigini bilýäňizmi?

Sinobyň geçmişi şeýle gadymy welin, diňe bir ady bilen bagly birnäçä hekaýat eşitmek mümkin. Şol hekaýatlardan birinde aýdylmagyna görä, şäheriň ady mifologiýada derýa taňrysy Asoposyň suw perisi bolan gyzy Sinopeden gelip çykýar. Hekaýatda beýan edilmegine görä Sinopä aşyk bolan Zews, özünden gorkan suw perisini Gara deňiziniň jenneti ýada salýan ýaşyl kenarlaryna goýberýär. Ine şol kenarlar şu günki günde Sinop atlandyrylýar. Sinop hakyndaky beýleki bir hekaýat bolsa, şäheriň adynyň Amazonyň Şasy Sinowadan gelip çykýandygy hakynda… Mifologiýada hem özüne ýer tapan bu ajaýyp şäher pikirzada Diýegeniň doglan ýeri hökmünde bilinýär.

Deňi-taýy bolmadyk gözellikleri bilen görenleri özüne bendi edýän Sinop, asyrlar boýy port şäheri bolupdyr we Hitit, Frig, Lidia, Pars, Rim, Wizantiýa, Seljuk, Jandarogullary we Osman döwleti ýaly ençeme medeniýete ýer eýeçiligini edipdir. Ilkinji ýaşaýyşa Bürünç asyrda başlanan şähär, geografik ýerleşişi sebäpli gadymy döwürlerden bäri söwda merkezi bolupdyr. Gara deňizde höküm sürmek isleýän ähli kowumlar Sinopa ýerleşip, swilizasiýalarynyň yzlaryny galdyryp gidiplerler. Şäheriň baý taryhynyň mirasyny her ýerde görmek mümkin.


Etiketkalar: #taryh , #taňry , #mifologiýa , #Sinop

Degişli Habarlar