Dünýäniň iň süýji peýnirlerinden biriniň Kars Grawýeridigini bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1746277
Dünýäniň iň süýji peýnirlerinden biriniň Kars Grawýeridigini bilýäňizmi?

Ady Şweýsariýanyň Grýuýer şäherçesinden gelip çykýan grýuýer peýnirleriniň bir görnüşi hem Türkiýäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän Kars welaýatynda öndürülýär. Kars grawýeri atlandyrylýan bu peýnir, dünýäniň iň süýjü peýnirlerinden biri.

1878-nji ýylda Osman-rus söweşi döwründe Kars, ruslar tarapyndan basylyp alnypdyr. Şol döwürde Patyşanyň myhmany hökmünde Karsa gelen şweýsariýaly Dewid Moser, Şweýsariýanyň grawýer peýnir önümiligi üçin sebitiň amatlydygyny görýär we ýaýlagda ýerleşýän Bogatepe obasynda ilkinji peýnir öndürýän fermer hojalygyny gurýar.

1918-nji ýylda basyp alyşlygyň ortadan aýrylmagy bilen Dewid Moser, fermer hojalygyny Aleksander Kaiser atly nemese satyp Karsdan gidýär. Kaiser sebitdäki peýnir önümçiliginde täze görnüşli peýnirleri synagdan geçirýär we Karsa mahsus öýjükli Kars grawýeri önüdürlmäge başlanýar.

Respublika döwründe peýnir önümçiligine uly ähmiýet berilýär we Bogatepe obasy peýnir önümçiliginiň merkezine öwrülýär.

Şu günki günde hem Bogatepede öndürülýän Kars grawýeri, dünýäniň iň süýji we ýokumlylygy ýokary bolan peýnirlerinden biri ýagdaýyna gelýär.



Degişli Habarlar