Demir Ýetmezçiligi Anemiýasy

Saglygyn baýlygym

1713556
Demir Ýetmezçiligi Anemiýasy

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda demir ýetmezçiligi anemiýasy hakynda maglmat berip, käbir maslahatlar bermekçi.

Düzüminde demir bolan azyklar ýeterlik sarp edilmän halatynda bedende demir ýetmezçiligi ýüze çykýar we ol hem demir ýetmezçiligine baglylykda ganyazlyk, ýagny anemiýa sebäp bolýar.

Et we süt önümlerindäki demir bedeni demir elementi bilen üpjün edýär. Et we süýt önümleriniň düzümindäki demir, gök önümlerdäkiden has ýeňil işlenip çykarylýar.

Mal etiniň 100 gramy 2,7 milli gram demir düzümi bilen beden üçin gerek bolan günlük demiriň 15 göterimini üpjün edýär. Şol sebäpli anamiýa, ýagny bedeni ganyazlyga meýilli bolan adamlar üçin iňňän möhümdir. Hepdede 2 gün mal etini, 2 gün guş etini, 3 gün balyk sarp etmek ýeterlikdir. Etiň ýanynda J witaminli, bol limonly salat iýmek hem demir üpjünçiligini ýeňilleşdirýär.

Aýratynam;

Bagyr

Mal eti

Balyk

Ysmanak

Towuk eti

Hindi towugynyň eti

Ýumurtga

Funduk

Bişen kartoşka

Toşap

Gaýnadylan garoh

Halwa

Bugdaý çöregi:

Dänesiz kişmiş hem düzümünde demir mukdary bolan azyklardan biridir. Kakadylan miweleriň düzümindäki demiriň mukdary ter miwelere görä has ýokarydyr.

Gara çaýyň, ösümlik çaýlarynyň ýa-da kofäniň naharyň ýanynda içilmegi maslahat berilmeýär. Nahardan soň 1 sagat garaşmaly. Şol içgiler azyklaryň düzümindäki demiriň ýokumlylygyny azaldýar.

Demiriň ýokumlylygyny azaldýandygy üçin süýt we süýt önümleri nahardan öň ýa-da soň sarp edilmeli.

Gazly içgilerden çetde durulmaly.

Düzüminde J witamini bolan iýip-içgiler bedenimizdäki demiriň ýokumlylygyny artdyrýar.

Düzüminde demir bolan azyklar bilen sarp edilmeli J witaminli gök we miwe önümler şulardan ybarat:

Apelsiniň suwy

Gyzyl bolgar burç

Brokoli

Ýer tudanasy

Brýussel kelemi

Ananas

Kiwi

Düzüminde demir bolan beýleki tebigy azyklar;

Fasol

Nohut

Merjimek

Kažu

Kädi çigidi

Kak erik

Domat

Petruşka

Dag pissesi.

 

Seldereý bilen ysmanak bilelikde bişirilip iýlende ganyazlyga iňňän peýdalydyr. Himioterapiýadan ýa-da radioterapiýadan soň ýüze çykan anemiýa üçin seldereý-ysmanak bejergisi iň peýdaly usullardan biri hasap edilýär.

Seldereý-ysmanak ergininiň taýarlanyşy: Gerek bolan önüm; 250 gram ter ysmanak we 200 gram gaby artylan seldereý.

1 litr gaýnan suwa 200 gram maýdajyk dogralan seldereýi salyň we gapagyny gaparyp, 10 minut gaýnadyň. 10 minut soň 250 gram ysmanagy salyň we 5 minut gaýnadyň.

Seldereýi we ysmanagy sowadyň. Sowandan soň süzüp, suwuny bir gaba guýuň. İr säher aç garna ýa-da ertirlikden 1 sagat soň bir suw stakany içiň. Agşam hem aç öde ýa-da agşam naharyndan 1 sagat soň bir stakan içiň.

15 günüň dowamynda ertir we agşam içmäge dowam ediň. 15 gün soň, 10 gün arakesme beriň we ýene-de 15 içmäge dowam ediň. Jemi 30 gün içilenden soň bir kurs gutarýar.

Hd! Gündelik iýmitlenmede ýeterlik mukdarda we görnüşde düzüminde demir bolan azyklary sarp edenimizde, bedenimiz üçin gerek bolan azyklardan daşgary goşmaça witamin içmeli bolup bileris. Eger şeýle bolan halatynda hökmany suratda lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň. Bilşiňiz ýaly demir üçin içilýän dermanlar ýaglandyrmaýar.



Degişli Habarlar