“Türkiýe Stipendiýalary” taslamasy

Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 12

1172554
“Türkiýe Stipendiýalary” taslamasy

 

 

Gepleşigimiziň bu sanynda-da Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaşlar halklar edarasynyň “Türkiýe Stipendiýalary” taslamasy barada maglumat bermäge dowam edip, stipendiýalardan peýdalanmak isleýän ýaşlar üçin haýsy tapgyrlaryň garaşýandygyny beýan etmekçi.

Talyplaryň seçilip alynmagy

Seçip alyş tapgyry Türkiýe stipendiýalary üçin edilen ýüztutmalar: abuturiýentiň ylmy ýetişigine, jemgyýetçilik işlerine goşulyşyna we beýleki hünär ukyplaryna baglylykda seljerilýär.

  1. Alynky seljeriş:

Ähli ýüztutmalar: derslere bolan ýetişik, ýaş çägi, soralýan resminamalar ýaly başlangyç şertlere görä seljerilýär.

  1. Soňky seçip alyş:

Laýyk görülen abuturiýentleriň ýüztutmalary: okuwa bolan ýetişige, ozalky kanagatlanmalara, ylmy gyzyklanma ugurlaryna, hünär maksatlaryna, islegleriniň durnuklylygyna, niýet hatynyň mazmunyna we sosial çärelere gatnaşyga görä, Hünärmenler topary tarapyndan ünslilik bilen seljerilýär. Şol tapgyrdan soň söhbetdeşlik tapgyry üçin kesgitlenen abuturiýentleriň sanawy düzülýär.

  1. Söhbetdeşlik: 100-den gowrak ýurtdan seçilip, sanawa goşulan abuturiýentler ylmy işgärlerden we hünärmenlerden ybarat bolan söhbetdeşlik toparlary tarapyndan seljerilýär.
  2. Saýlap almak: Söhbetdeşlik toparlary tarapyndan dalaşgärlige saýlanan abuturiýentleriň söhbetdeşlik netijeleri seçip alyş topary tarapyndan seljerilýär we stipendiýa aljaklaryň sanawy düzülýär.

Seçip alyş ölçekleri:

Kesgitlenen abuturiýentler öz ýurtlarynda geçiriljek söhhbetdeşliklere çagyrylýarlar. Käbir şertlerde abuturiýentler bilen internet ýa-da telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilýär. Söhbetdeşlik topary azyndan bir sany Türkiýe stipendiýalary wekilinden we türk uniwersitetlerinden gelen bir ylmy işgärden ybarat bolýar

Umuman 15-30 minut aralygynda dowam edýän söhbetdeşlik şu formatda geçirilýär:

a. Garşy almak we giriş,

b. Resminamalaryň barlagy,

j. Abuturiýentiň maksadynyň öwrenilmegi,

w. Ylmy seljeriş we hünärmen maksatlary,

g. Ýapylyş we abuturiýentiň topara soraglary.



Degişli Habarlar