“Türkiýe Stipendiýalary”

Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 11

1164815
“Türkiýe Stipendiýalary”

Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 

Geçen gepleşiklerimizde Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasynyň durmuşa geçirýän esasy taslamalaryndan biri bolan “Türkiýe Stipendiýalary” hakynda maglumat beripdik.

Gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa şol stipendiýalary almak üçin kimleriň ýüz tutup biljekdigi we nähili ýagdaýda ýüz tutup biljekdikleri hakynda maglumat bermekçi.

Stipendiýalara ýüz tutmak üçin gerek bolan resminamalar

Stipendiýalara internet arkaly ýüz tutjaklar aşakdaky resminamalary taýarlamaly.

Pasport

Foto surat

Eger ýerli synaglara giren bolsa synagyň netijesi

Diplom ýada gutardyş resminamasy

Alan bahalaryny görkezýän resminama

Halkara derejesindäki synaglara giren bolsa netijesi (GRE, GMAT ýaly)

Dil synagynyň netijesi (eger talap edilýän bolsa)

Doktorlyk derejesi üçin ýüz tutjaklar “ylmy barlagynyň temasy we geçiren barlaglary hakynda maglumat)

 

Stipendiýalara kimler ýüz tutup biler

Türkiýe stipendiýalaryna ähli ýurtlaryň raýatlary ýüz tutup biler

Stipendiýa almaga hukuk gazanmak üçin ylmy ýetişik derejesi

Ýokary oluw jaýlary üçin 70%

Magistlik we doktorlyk derejesi üçin 75%

Saglygy goraýyş bilimleri üçin  (Lukmançylyk diş lukmançylygy we dermanhana) 90%

 

Türkiýe stipdendiýalaryna

Ýokary okuw jaýlary üçin 21 ýaşyna ýetmedikler

Magistilik derejesi üçin 30 ýaşyna ýetmedikler

Doktorlyk derejesi üçin 35 ýaşyna ýetmedikler we ylmy barlag meýilnamalary üçin 45 ýaşyna ýetmedikler ýüz tutup biler

Stipendiýa nämeleri öz içine alýar

  1. Aýlyk sowalga

Ýokary okuw jaýlary stipendiýasy aýda 700 TL

Magistlik derejesi stipendiýasyaýda 950 TL

Doktorlyk derejesi stpendiýasy aýda 1400 TL

Ylmy barlag stipendiýasy aýda 3000 TL

Tomusky türk dili kusrlary üçin aýda 500 TL

Döwlet işgärleri we ylmy barlagçylar üçin türkçe dil kurslary aýda 2000 TL

Türkiýe stipendiýalary aýlyk töleglerden daşary

okuw jaýynyň tölegi

umumy saglyk ätiýaçlandyryşy

umumy ýatak jaý we türkçe dil kursy üpjünçiligi,

bir gezeklik uçar petegi  üpjünçiligini öz içne alýar



Degişli Habarlar