Türk Dünýäsinden Habarlar

Bu hepde hem biz size Türk dünýäsiniň tapawytly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirmekçi

701094
Türk Dünýäsinden Habarlar

Gepleşigimize bütin Türk dünýäni gyzyklandyrýan habar bilen başlaýarys.

2017-nji ýyl Türk dünýäsinň medeni paýtagtynyň açylyş dabarasy 22 ýurtdan 300-e golaý sungat işgäriniň gatnaşmagynda Türkistan şäherinde geçirildi. Ýewropanyň we Aziýanyň ýaş aýdymçydyr-sazandalary Hoja Ahmet Ýasawynyň ýaşan topraklarynda jemlenişip, türki medeniýetiniň iň möhüm däplerinden biri bolan Nowruz baýramy bilen birlikde gadymy Türkistan şäheriniň Türk dünýäsiniň medeni paýtagtlygyna saýlanmagyny on müňlerçe türkistanly bilen bilelikde dabaraly ýagdaýda belläp geçdiler.

Günorta Gazagystan welaýatynyň häkimligi tarapyndan geçirilen çäräniň açylyş dabarasyna Gazagystanyň Sport we medeniýet ministri Arystanberk Muhamediuly, Günorta Gazagystan welaýatynyň häkimi Janseýit Tüýmebaýew bilen birlikde TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow hem gatnaşdy.

Ilki bilen Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähiniň töweregindäki ýadygärliklere baryp gören daşary ýurtly wekiller soň bolsa baýdak dabarasy bilen birlikde Türkistan şäheriniň medeni paýtagtlygyny tassykladylar.

Dabara mundan soň açylyş üçin ýörite taýarlanan meýdançada edilen çykyşlar bilen dowam etdi. 2017-nji ýyl Türk dünýäsinň medeni paýtagtynyň açylyş çykyşynyň ilkinjisini Gazagystanyň Sport we medeniýet ministri Arystanbek Muhamediuli ýerine ýetirdi. Nowruzyň bolçulyk we bereket getirmegini dileg eden ministr Muhamediuli dabarany guramaga kömek beren ähli adamlara minnetdarlyk bildirip, 2017-nji ýyl Türk dünýäsinň medeni paýtagty programasynyň çäginde geçiriljek dabaradyr-çäreler barada maglumat berdi.

Günorta Gazagystan welaýatynyň häkimi Janseýit Tümebaýew Türkistanyň Türk dünýäsiniň medeni paýtagtlygyna saýlanmagy sebäpli örän bagtyýardygyny belläp: “Türk dünýäsiniň lideri Prezidentimiz Nursoltan Nazarbaýew mundan ençeme ýyl ozal TÜRKSOÝ-yň Türk dünýäsiniň UNESCO –sy bolmagyny dileg edipdi. Şu günki güne çenli durmuşa geçiren üstünlikli taslamalary bilen TÜRKSOÝ şol ada eýe boldy. Türk dünýäsiniň medeni paýtagty adyna eýe bolup, bizden soňky şähere gowşurarys” diýdi.

TÜRKSOY-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow bolsa medeni paýtagt çäreleriniň saýasynda Türk dünýäsi şäherleriniň medeni we sosial taýdan ösýändiklerine ünsleri çekip, TÜRKSOÝ-a berilýän goldawlar üçin döwlet ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

2017-nji ýylyň 21-nji martynda Türkistanda geçirilen açylyş dabarada şeýle hem TÜRKSOÝ-yň Metbugat sylaglary çäresi geçirildi. Dabarada dünýäniň dört künjeginde Türk dünýäsiniň medeniýetiniň tanyşdyrylyşyna goşant goşan metbugat işgärlerine TÜRKSOÝ-yň Metbugat sylaglary gowşuryldy. 2010-njy ýyldan bäri berilýän TÜRKSOÝ Metbugat sylaglary şu ýyl 7 ýurtdan 14 tapawutly adama we gurama berildi.

 

Nobatda ýende bir şatlykly habarymyz bar.

Türk dünýäsiniň umumy sesi dogulan gününi Azerbaýjanda geçirilen Nowruz baýramçylygynyň çäginde belläp geçdi.

TRT AVAZ “Umumy geografiýanyň güýçli sesi” şygary bilen 2009-njy ýylyň 21-nji martynda ýaýlym bermäge başlady.

TRT AVAZ eýýäm ençeme ýyl bäri Türk dünýäsi bilen baglanşykly şowly gepleşikleri bilen giň geografiýada ýaşaýan adamlaryň arasynda aragatnaşyk saklamagyna goşant goşýar.

  Türk dünýäsiniň umumy baýramçylygy bolan Nowruzda 8 ýaşyny belläp geçen TRT AVAZ şol dabara üçin bolsa ýörite bir ýer saýlady.

 

 TRT AVAZ 8 ýaşyny Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde belläp geçdi. Şäherde gün boýy konsertler berildi.

21-nji martda bolsa Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:00-da Haýdar Aliýew medeniýet merkezinde ýörite bir konsert berildi.

 Konserti 26 ýurtdan we 15 Awtonom Respublikasyndan 300 million adamyň göni ýaýlym arkaly görmäge mümkinçiligi boldy.

Emre Aýdyn, Azerin, Fergane ýaly meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda geçirilen konsert Nowruz şowhunyny Bakudan bütin dünýä ýaýdy.

 

Soňky habarymyz bolsa Gazagystandan gelip gowuşdy.

Resmi sapar bilen Gazagystana baran Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew Prezident Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan Akorda Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylandy. Dabaradan soň liderler ikiçäk we toparara gepleşikler geçirdiler.

Prezident Nazarbaýew ikiçäk geçiren duşuşygynda sözlän sözünde iki ýurdyň arasyndaky söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň has hem ösdürilmeginiň möhümdigini belledi.

Nazarbaýew: “Gepleşiklerimize düýn başladyk. 500 özbek we gazak işewür adamyň gatnaşmagynda forum geçirildi. Forumda taryhymyzda ilkinji gezek 1 milliard dollarlyk 75 şertnama gol çekildi” diýdi.

Nazarbaýew Özbegsiatnyň geçen ýyl ýogalan Prezidenti Yslam Kerimow bilen düýbini tutan iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirjekdiklerini belledi.

Prezident Mirziýoýew hem Nazarbaýewiň geçen ýyl Samarkant şäherine guran saparynda kyn günlerde Özbegistanyň ýanynda boljakdygy barada beýanat bermegi iki ýurdy biri-birine has hem ýakynlaşdyrandygyny aýdyp: “Soňky 5 aýda gatnaşyklarymyz has hem berkedi. Söwda gatnaşyklarymyz täze derejä ýetdi. Işewür adamlaryň forumyna Özbegistandan 250 adam gatnaşdy. Gysga wagtda sebitleýin hyzmatdaşlyga üns berildi” diýdi.

Özbek lider Mirziýoýew ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana gurapdy. Ikinji saparynyň bolsa Gazagystana guramagy Özbegistanyň goňşylary bilen  we sebitleýin hyzmatdaşlyga üns berýändigini görkezýär.



Degişli Habarlar