Braziliýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Braziliýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 76 adama, dereksiz ýitenleriň sany bolsa 103 adama ýetdi

2135644
Braziliýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurduň günortasyndaky Rio Grande do Sul welaýatynda eýýäm bir hepde bäri täsirli bolan sil apatlary, adam ýitgileriniň çekilmegine sebäp bolýar. 

Welaýata degişli Raýat goranyş gullugyndan berilen beýanatda, sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 76 adama, dereksiz ýitenleriň sanynyň bolsa 103 adama ýetendigi mälim edildi. 

Tebigy apatyň başdan geçirilen sebite 2-nji gezek sapar guran ýurduň Döwlet baştutany Luis Inasio Lula da Silwa sebite ynsanperwer kömek ugratmak babatynda hiç hili kynçylygyň başdan geçirilmeýändigini beýan etdi. 

Çöken ýollaryň we döwlet binalaryň ýaňadandan dikeldiljekdigini aýdan Luis Inasio Lula da Silwa: "Býurokratiýa bu welaýaty gaýtadan gazanmagymyza päsgel berip bilmez. Indi ýagyş ýagmaz diýip Taňra dileg edýärin" diýip belledi. 

Ýerli metbugata görä sil apatlary 421 müň adama ýaramaz täsir ýetirdi, 115 aýry ýaşaýyş zolagyna telefon we internet hyzmaty berilip bilinenok. 

Öýleri we meýdanlary suw basmagy sebäpli müňlerçe adam öz ýaşaýan ýerlerini terk etdi. 

Entek baryp bolmaýan ýaşaýyş ýerleriniň barlygy sebäpli ýogalan we dereksiz ýiten adamlaryň sanynyň hasam köpelmeginden gorkulýar.


Etiketkalar: #sil apaty , #Braziliýa

Degişli Habarlar