Ýewropada Tebigy Gazyň Nyrhy 7,5 Göterim Gymmatlady

Ýewropada tebigy gazyn nyrhy Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň möwjemegi sebäpli düýn 7,5 göterim gymmatlady.

2128599
Ýewropada Tebigy Gazyň Nyrhy 7,5 Göterim Gymmatlady

Ýewropada dartgynlygy iň ýokary bolan merkezi Gollandiýada ýerleşýän wirtual tebigy gaz söwda nokady “TTF-de” maý aýyna degişli şertnamalarda megawatsagat başyna gazyn nyrhy düýn 31,14 ýewrodan ýapyldy.

Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlyga baglylykda üpjünçilikde bökdençlikleriň ýüze çykma ähtimallygy sebäpli megawasagat başyna gazyn nyrhy düýn 7,5 göterim ýokarlady.

Russiýa-Ukraina söweşinden soň Russiýadan Ýewropa turba geçiriji ugry bilen gazyn akdyrylmagynyň tas dolulygyna kesilmeginden soň materik global bazarlardaky şertlere görä hasam durnuksyzlaşdy.

Gyş paslynyň gutarandygyna garamazdan global bazarlardaky waklaar üpjünçilik bilen bagly aladalary güýçlendirýär we ol hem nyrhlaryň artdyrýar.



Degişli Habarlar