Parižde Ýangyn Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

Wakada 1 adam hem ýaralandy

2133907
Parižde Ýangyn Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

Fransiýanyň paýtagty Parižde bir binada bolan ýangyn sebäpli 3 adam ýogaldy.

Le Figaro gazetiniň howpsuzlyk güýçlerine esaslanýan habarynda, Parižde italýanlar köçesiniň golaýynda ýerleşýän bir binada ýary gije ýangyn boldy.

Binanyň 6-njy we 7-nji gatynda bolan ýangyn gözegçilik astyna alyndy.

Ýangynyň gözegçilik astyna alynmagyndan soň 3 adamyň jansyz beden tapyldy.

Wakada 1 adam hem ýaralandy.

 


Etiketkalar: #ýangyn , #Fransiýa

Degişli Habarlar