Zelenskiý Harby Mobilizlenmäniň Şertleri Hakyndaky Kanuny Tassyklady

Bu barada Ukrainanyň Parlamentiniň internet sahypasyndan habar berildi.

2128686
Zelenskiý Harby Mobilizlenmäniň Şertleri Hakyndaky Kanuny Tassyklady

Parlamentiň internet sahypasynda Prezident Wladimir Zelenskiýniň mobilizlenme harby borçlulyk we harby gulluk hyzmatlary hakyndaky käbir düzgünleriň kadalaşdyrylmagy hakyndaky täze mobilizlenme kanununy tassyklandygy habar berildi.

Kanun resmi taýdan çap edilenden 1 aý soň güýje girer.

Ukrainanyň Parlamenti 11-nji aprelde harby mobilizlenme şertlerni kadalaşdyrýan kanun taslamasyny kabul edipdi.

Kanuna görä mobilizlenmäniň dowamynda 18-60 ýaş aralygyndaky erkekleriň ýanlarynda harby bellik resminamasyny götermekleri, harby gulluk we bellige alyş gullukçysynyň ýa-da polis gullukçysynyň talabyna laýyklykda resminama görkezilmeli bolar.

Erkek raýatlar şeýle hem serhet geçelgelerinde ýa-da serhet zolagynda degişli gullukçynyň talabyna laýyklykda şol resminamany görkezerler.

Daşary ýurtlarda bolan we harby gulluk resminamasy bolmadyklary täze pasport alyp bilmezler.



Degişli Habarlar