Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär

Ukrainanyň köprüni 100 günde ýykmaga çalyşjakdygy we munyň ýurduň ýaragly güýçleriniň esasy maksatlaryndan biri boljakdygy nygtaldy.

2128219
Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär

Ukrainanyň iýul aýynda Krym köprüsini ýykyp biljekdigi nygtaldy.

Iňlis “Ze Sun” gazetiniň berýän habaryna görä, Ukrainanyň ýaragly güýçleri, anneksirlenen Krym bilen Russiýanyň arasyndaky ýeke-täk arabaglanşyk köprüsi bolan köpüni, uçarmansyz deňiz ulaglary we F-16 uçarlary bilen ýykmagy meýilleşdirýär.

Habarda, Ukrainanyň köprüni 100 günde ýykmaga çalyşjakdygy we munyň ýurduň ýaragly güýçleriniň esasy maksatlaryndan biri boljakdygy nygtaldy.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, iýul aýynda köprüni ýykmak üçin tagalla etjekdiklerini sebäbi köprüniň ýaraglaryň Kryma daşalmagy üçin ulanylýan esasy geçelge bolandygyny aýdypdy.

Zelenskiý, Krym köprüsini ýykmak hukuklarynyň bardygyny we şol hukuklaryndan ýerlikli peýdalanjakdyklaryna ünsi çekipdi.


Etiketkalar: #Krym , #köprü , #Ukraina

Degişli Habarlar