Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.

2128825
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Pakistana aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.

Pakistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň metbugat sekretary Hurşid Enwer, ýurduň çar tarapynda öz täsirini dowam etdirýän ýagyşlar hakynda maglumat berdi.

Penjap, Buluçistan we Haýber Pahtunhwa sebitlerinde hepdäniň ahyrynda başlan ýagyşlar we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 63 adama ýetendigini aýdan Enwer, 1370 öýe zeper ýetirlendigini belledi.

Ýolbaşçylar dowam edýän ýagyşlaryň gözleg we halas ediş işlerine ýaramaz täsirini ýetirjekdigine ünsi çekdi.

 

 



Degişli Habarlar