Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 33 müň 175 adama ýetdi

2125811
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 184 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 38 palestinalynyň ýogalandygy we 71 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 14 mň 500-i çaga, 9 müň 560-y zenan bolmak bilen 33 müň 175 palestinaly öldürildi, 75 müň 886 palestinaly ýaralandy. 

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklaryň aşagynda we ýoluň gyralarynda ölen palestinalylaryň bardygy, emma Ysraýylyň harby güýçleirniň päsgel bermegi sebäpli saglygy goraýyş we raýat goranyş toparlarynyň olary ýygnap bilmeýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar