Dünýäde Täze Bir Söweş Döwri Başlady

Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk dünýäde täze bir söweş döwrüniň başlandygyny beýan etdi.

2122125
Dünýäde Täze Bir Söweş Döwri Başlady

Tusk 2-nji Jahan urşundan bäri iň dartgynly döwrüň başdan geçirilýändigine ünsi çekip, dünýäde täze bir söweş döwrüni başdan geçirýändiginiň kabul edimelidigini aýtdy.

Metbugata beýanat beren Tusk, geljek iki ýylyň ähli zady kesgitlejekdigini nygtap; “Hiç kimi gorkuzmak islemeýärin. Emma söweş indi yzda galan zat däl. Bu hakykat aslyna seredilende iki ýyl ozal başlady. häzirki wagtda iň biynjalyk ediji zat, sözüň doly manysynda ähli ssenarileriň mümkin bolandygy hakykaty” diýdi.

Ukrainanyň ýagdaýynyň bir ýyl ozalkysyna görä has agyr, emma başlangyjyna görä has gowudygyny beýan eden Polşanyň premýer-ministri; “Esasy borjumyz Ukrainany rus basyp alyjylygyndan goramak we Ukrainany garaşsyz hem-de bitewi döwlet hökmünde goramak bolmaly” diýdi.



Degişli Habarlar