2014-2023-nji Ýyllaryň Aralygynda 62 Müňden Gowrak Immigrant Ýogaldy

Bu barasyda Halkara Migrasiýa guramasynyň habarnamasynda maglumat berilýär.

2121051
2014-2023-nji Ýyllaryň Aralygynda 62 Müňden Gowrak Immigrant Ýogaldy

Merkezi Ženewada ýerleşýän Halkara Migrasiýa guramasynyň ýyllyk habarnamasynda 2014-2023-nji ýyllaryň aralygynda 62,285 bikanun immigrantyň ölendigi ýa-da dereksiz ýitendigi mälim edildi.

Habarnamada şol immigrantlardan şahsyýeti anyklananlaryň üçden birinden gowragynyň Owganystan Burma, Siriýa we Efiopiýa ýaly ýaragly çaknyşyklaryň dowam edýän ýurtlaryň raýatlarydygy beýan edildi.

Guramanyň maglumatlary soňky 10 ýylda bikanun immigrantlar üçin esasy ýitgili ýylyň 2023-nji ýyl bolandygyny görkezýär.

Esasanda Ortaýer deňizindäki ölüm sanynyň çürt-kesik artmagy sebäpli geçen ýyl 8,541 immigrant pida boldy.



Degişli Habarlar