Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň eýýäm 156 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi

2113325
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň halky mejbury ýagdaýda aç we suwsyz goýan Gaza zolagynda soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 85 adam artyp, 31 müň 45 adama ýetdi.

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň eýýäm 156 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi.

Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda ýene-de 85 palestinalyny öldürendigi bellenen beýanatda, jemi adam pidalarynyň 31 müň 45 adama ýetendigi mälim edildi. 

Guralan soňky hüjümlerde ýene-de 130 palestinalynyň ýaralanmagy bilen jemi ýaralananlaryň sanynyň 72 müň 654 adama ýetendigi aýan edildi. 

Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan adamalryň 72 göteriminiň çagalardan we zenanlardan ybaratdygy bellenen beýanatda mundan başgada Ysraýylyň soňky 24 sagatda ýene-de 8 gyrgynçylyk edendigi, ýollaryň gyralarynda we ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda häzirki wagtda hem ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma Ysraýylyň harby güýçleriniň päsgel bermegi bilen şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi habar berildi. 


Etiketkalar: #çaga , #zenan , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar