“Ukrainadaky Söweş Ýewropa Ýaramaz Täsirini Ýetirmäge Dowam Edýär”

Guterreş, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen Ukraina oturlyşygyna gatnaşdy.

2106787
“Ukrainadaky Söweş Ýewropa Ýaramaz Täsirini Ýetirmäge Dowam Edýär”

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Ukrainadaky söweşiň, Ýewropa ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýändigini aýtdy.

Guterreş, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen Ukraina oturlyşygyna gatnaşdy.

BMG düzgüniň we halkara hukugyň dünýäni söweşden goramak üçin iş meýilnamasyny hödürleýändigini aýdan Guterreş, “Emma Russiýa şol düzgünleri bozdy” diýdi.

Söweşlerde halkyň uly ýitgi çekýändigine ünsi çeken Gutererş, Ukrainanyň halkynyň söweş sebäpli agyr günleri başdan geçirýändigini ýatlatdy.

10 müňden gowrak adamyň öldürlendigini, hassahanalaryň, mekdepleriň, saglygy goraýyş merkezleriniň we infstrukturanyň ýok edilendigini aýdan Guterreş, rus goşunynyň asuda ilata we ýesirlere zulum edýändiginiň subut edilendigini nygtap “Jogapkärler jerimesini çekmeli” diýdi.

Söweş sebäpli 1-milliony çaga jemi 4 million adamyň öýüni terk edendigini aýdan Guterreş, ýurtda 14 milliondan gowrak adamyň kömege garaşýandygyny belledi.

Söweşiň rus halkyna hem zeper ýetirýändigini aýdan Antoniu Gutereş, müňlerçe rus esgeriniň ýogalandygyny ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar