ABŞ Russiýa 500-den Gowrak Täze Sanskiýa Goýdy

"Nawalnyýyň ýogalmagy we Russiýa-Ukraina söweişiniň ikinji ýyly sebäpli Russiýa garşy 500-den gowrak täze sanksiýa goýular"

2106901
ABŞ Russiýa 500-den Gowrak Täze Sanskiýa Goýdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýyň tussaghanada ýogalmagy sebäpli Russiýa 500-den gowrak täze sanksiýanyň goýulmagy barada karar kabul edendiklerini aýtdy.

Ak Tamdan berlen beýannama görä, Prezident Baýden, Russiýa- Ukraina söweşiniň ikinji ýylynda beren ýüzlenmesinde, Nawalnyýyň ýogalmagy sebäpli Russiýa goşmaça sanksiýalaryň goýlandygyny mälim etdi.

Jo Baýden, Nawalnyýyň ýogalmagy we Russiýa-Ukraina söweişiniň ikinji ýyly sebäpli Russiýa garşy 500-den gowrak täze sanksiýanyň goýuljakdygyny belledi.

Baýden, sanksiýalaryň, Russiýanyň maliýe we goranyş pudagy bilen birlikde Nawalnyýyň tussaglygy bilen arabaglanşykly şahyslary we guramalary öz içine aljakdygyny ýatlatdy.

Prezident Baýden, sanksiýalar bilen birlikde Russiýa aýlawly ýollardan goldaw berýändigi sebäpli 100-e golaý kärhana çäklendirme goýuljakdygyny belledi.

 

 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #ABŞ , #sanksiýa

Degişli Habarlar