G-7-a Agza Ýurtlaryň Liderleri Russiýa-Ukraina Söweşini Ara Alyp Maslahatlaşar
G-7-a agza ýurtlaryň liderleri, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününiň 2-nji ýylynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirer
ABŞ-dan, Germaniýadan, Kanadadan, Fransiaýdan, Britaniýadan, İtaliýadan we Ýaponiýadan ybarat G-7-a agza ýurtlaryň liderleriniň, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününiň 2-nji ýylynda 24-nji fewralda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirjekdigi habar berildi.
Italiýanyň Premýer-ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, G-7-a agza ýurtlaryň liderleri Italiýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda ilkinji duşuşygyny wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleriniň 2-nji ýylynda 24-nji fewralda geçirjekdigi nygtaldy.
Italiýanyň Premýer-ministri Meloniniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek duşuşyga, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.