Ysraýyl, Gaza Sektoryna Garşy Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby goşuny, Gazanyň çar tarapyndan gelen palestinalylaryň bolýan ýerlerini nyşana almaga dowam edýär.

2083664
Ysraýyl, Gaza Sektoryna Garşy Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynda palestinalylaryň bolýan mekdebine guran hüjüminde azyndan 56 adam ýogaldy.

Palestinanyň WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby goşuny, Gazanyň çar tarapyndan gelen palestinalylaryň bolýan ýerlerini nyşana almaga dowam edýär.

Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan 40 palestinaly bilen ýaralanan 100 adam, Gaza Sektorynyň Deýr Al Belah şäherinde ýerleşýän Aksa Şehitler hassahanasyna getirildi.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza şäherinde öýlerini terk edenleriň bolýan mekdebine guran hüjüminde azyndan 16 palestinaly öldürildi, köp sanly adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň harby goşuny, Nusaýrat bosgun düşelgesindäki Merkezi bilim müdürligi bilen Halid bin Welid mekdebine fosfor bombalary bilen hüjüm gurady.

Ysraýyl, Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus şäheriniň gündogaryndaky Man etrabynda Dawet metjidi bilen köp sanly öýi bombalady.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrda giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýyl, 7-nji oktýabrdaky hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 adamyň hem ýaralanandgyny habar berdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem 7-nji oktýabrdan bäri 508 esgeriň öldürlendigini mälim etdi.

Ysraýylyň Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde bolsa esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 22 müň  185 palestinaly ýogaldy.

Harabalyklaryň aşagynda bolsa müňlerçe adamyň bardygy aýdylýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar