Fransiýa, Gaza Dikuçar Gämisini Ugratdy

Fransiýa geçen aý hem Gaza üçin Tonnerre atly dikuçar gämisini ugradypdy.

2066368
Fransiýa, Gaza Dikuçar Gämisini Ugratdy

Fransiýa, Ysraýylyň hüjümlerinde ýaralananlaryň bejergisi üçin ulanyljak täze dikuçar gämisini Gaza ugratdy.

Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastýen Lekornýu, sosial mediadan beren habarnamasynda, dikuçar gämisinde 40 adamyň şol bir wagtda bejergi alyp biljekdigini, dikuçar gämisiniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen gurşalandygyny aýtdy.

Dixmude atly dikuçar gämisiniň birnäçe günüň içinde Müsüre barmagyna garaşylýar.

Fransiýa geçen aý hem Gaza üçin Tonnerre atly dikuçar gämisini ugradypdy.

Ysraýyl, Gazada hassahanalary we asuda ilaty nyşana almak bilen saglygy goraýyş pudagyna uly zeper ýetirýär. Fransiýanyň ugradan gämileriň ýeterlik ýangyç mümkinçiligine eýe bolmandygy üçin oppozisiýa tarapyndan berk tankyt edilýär.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy Demir Gylyçlar operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan ybarat 13 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #dikuçar , #Gaza , #Fransiýa

Degişli Habarlar