Ukrainada 9,900 Raýat Ýogaldy

Ukrainada 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan söweşden bäri 9,900 raýat öldi, 10 million raýat ýerlerinden jyda düşürildi.

2058789
Ukrainada 9,900 Raýat Ýogaldy

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Ukrainadaky soňky ýagdaý hakynda maslahat geçirdi.

Maslahatda agza ýurtlara maglumat beren BMG-niň Ynsanperwer kömek boýunça utgaşdyryjy ofisinin Ženewadaky wekili we Utaşdyryjy bölümiň Direktory Rameş Ražasingam Ukrainada ynsanperwer kömege bolan zerurlygyň iňňän ýokarydygyna ünsi çekdi.

Ražasingam  Ukrainada 18 milliona barabar adamyň kömege mätäçdigini, onuň hem halkyn 40 göterimine deň gelýändigini beýan etdi.

10 million adamyň ýurduň içinde we daşynda ýerlerinden jyda düşendigini aýdan Ražasingam, soňky maglumatlara görä asuda ilatdan 9,900 adamyň öldürilendigini mälim etdi.

Ražasingam, hakyky sanlaryň has ýokary bolmagynyň ähtimaldygyny duýduryp; “Söweş dowam etdigi saýyn, ynsanperwer kömek guramalary üçin şertler has-da agyrlaşdy. Söweşiň başlamagyndan bäri ynsanperwer guramalarynyň 14 işgäri öldürildi” diýdi.

 



Degişli Habarlar