ABŞ ýaraşyk bilen bagly beýanat berdi

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi: "Häzirki wagtda ýaraşygyň Hamasa peýda getirjekdigine ynanýarys" diýip belledi

2058067
ABŞ ýaraşyk bilen bagly beýanat berdi

Ak Tam gabaw astyndaky Gaza garşy Ysraýylyň guraýan hüjümleriniň bes edilmeginiň dogry jogap bolmajakdygyny, onuň häzirki wagtda Hamasa peýda getirjekdigini beýan etdi. 

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Jon Kirbi Gazada asuda ilat bilen baglanşykly ynsanperwer ýaraşyk pikiri barada: "Häzirki wagtda ýola goýuljak ýaraşygyň dogry jogap boljakdygyna ynanmaýarys. Häzirki wagtda ýaraşygyň Hamasa peýda getirjekdigine ynanýarys" diýip belledi.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi ABŞ-nyň ýaraşygyň ýerine Gazada zorlukdan gaçmak isleýän asuda ilatyň ewakuasiýasy we ynsanperwer kömekleriň sebite ýetirilmeginiň ýeňilleşdirilmegi bilen baglanşykly "wagtlaýyn ynsanperwerlik arakesmelere" oňyn garaýandyklaryny aýtdy. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl , #Jon Kirbi , #Ak Tam

Degişli Habarlar