Ukraina: "Andreýewka obasyny azat etdik" diýip habar berdi

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar, Donetsk sebitiniň Bahmut ugrundaky Andreýewka obasyny azat edendiklerini mälim etdi

2037608
Ukraina: "Andreýewka obasyny azat etdik" diýip habar berdi

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň harby birikmeleriniň Bahmut ugrunda üstünlikler gazanýandygyny habar berdi. 

Rus goşunynyň Bahmutyň demirgazyk tarapynda elinden aldyran liniýalaryny yzyna almaga synanyşýandygyny aýdan Anna Malýar, şäheriň günorta tarapynda hem Ukrainanyň harby birikmeleriniň üstünlikler gazanýandygyny aýan etdi. 

Anna Malýar esasy söweşleriň Andreýewka, Kurdýumowka we Klişiýewka sebitlerinde dowam edýändigini belläp: "Ol ýerlerden hem gowy habarlarymyz bar. Andreýewka biziňki. Ele geçiren liniýalarymyzy berkidýäris" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #oba , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar