Ysraýyl, Germaniýa “Arrow 3” Raketa Goranyş Ulgamyny Satar

Germaniýanyň Federal Goranmak ministrligi bilen Ysraýylyň emeli hemra senagatynyň arasynda 3,5 milliard dollarlyk şertnama baglaşylar

2026147
Ysraýyl, Germaniýa “Arrow 3” Raketa Goranyş Ulgamyny Satar

ABŞ-nyň, Ysraýylyň Germaniýa “Arrow 3” howa we raketa goranyş ulgamyny satmagyny tassyklandygy habar berildi.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Amerikan hökümeti, Germaniýanyň “Arrow 3” howa we raketa goranyş ulgamyny satyn almagy üçin Tel Awiwiň hödürlän talabyny tassyklandy.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Germaniýanyň Federal Goranmak ministrligi bilen Ysraýylyň emeli hemra senagatynyň arasynda 3,5 milliard dollarlyk taryhy şertnamanyň baglaşyljakdygy nygtaldy.

Ysraýylly we germaniýaly ýolbaşçylar, Ysraýyl bilen ABŞ tarapyndan bilelikde öndürlen “Arrow 3” howa we raketa goranyş ulgamlarynyň satuwy meselesinde sentýabr we aprel aýlarynda gepleşik geçiripdi.

Ysraýyl bilen ABŞ tarapyndan bilelikde öndürlen “Arrow 3” howa we raketa goranyş ulgamlarynyň balistiki raketalaryň öňüni almak üçin taýarlanan dünýädäki iň güýçli ulgamlardan biridigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar